Durnukly ösüşleriň ýolunda

20 Ýanwar 2021
1591

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, gün-günden beýik ösüşler gazanylýar. Abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen işler ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklaryň netijeleri munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir işleri we halkymyza sowgat berýän ajaýyp eserleri biz üçin uly görelde mekdebidir.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda ýurdumyzyň häzirki alyp barýan syýasatynyň halkyň ynsanperwer taglymatlaryna, paýhasly däp-dessurlaryna, baý taryhy tejribesine esaslanýandygyny, bu ynsanperwer syýasatyň tutuşlygyna umumadamzat gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly ylmy-publisistik kitabynda ýurduň depginli ösüşi, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde iri durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

Güljahan GULJAÝEWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mugallymy.