Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

19 Ýanwar 2021
1729

Ata-babalarymyzyň galdyryp giden golýazmalaryna, taryhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna nazar aýlasaň, türkmen halkynyň geçmişde ençeme şöhratly döwletleri gurandygyna, öz mukaddesliklerini apalap saklandygyna göz ýetirýärsiň. Taryhyň syrly sahypalaryna näçe içgin aralaşdygyňça, ata Watanyň abadanlygy, il-günüň asudalygy üçin göreşen merdana gerçekleriň, ady älem içre ýaň salan şahsyýetleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Diýmek, türkmen halkynyň öz geçmişine buýsanmaga ynamly gadamlar bilen öňe gitmäge doly haky bardyr.

Hawa, geçmişde ýagty geljege umyt baglap, nesilleriň erkinligine ýetmegini arzuwlan ata-babalarymyzyň ýagşy hyýallary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Pederlerimiz dünýäniň parahatçylygyny ömürboýy köňüllerinde göteripdirler. Ertirlerimiziň eýeleri boljak ýaşlary ata Watana bolan söýgi, şeýle hem milli gylyk-häsiýetlerimiziň ruhunda has kämil derejede terbiýelemekde Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki belli şahslarymyzyň akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserlerine salgylanmak örän täsirlidir. Çünki taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahslarymyzyň eserleri, milli mirasymyz, taryhy gymmatlyklarymyz şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegini wagyz edýär.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.