Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy

19 Ýanwar 2021
1828

iri taslamalaryň gurluşygynda dünýä ýaýylýar

Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açan bu iri infrastruktura desgalarynyň sebit we dünýä derejesindäki ähmiýetini halkara media giňişliginde giňden şöhlelendirmek maksady bilen guralan bu çäre milli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini, şeýle hem onlaýn usulda dünýäniň 15 ýurdundan žurnalistleriň 30-dan gowragyny bir ýere jemledi.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».