Täze ýyl örän şowhunly baýramçylyklaryň biri. Täze ýyla ähli adamlar, esasan-da, biz — çagalar her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze ýylda ýagşy niýet bilen edilen arzuwlar hasyl bolýar.
Bu hakda enem maňa: «Balam, «Täze ýyl» sözünde ýyly mähir, gudrat bardyr. Çünki her çalyşýan ýyl özüniň bagty bilen gelermişin. Bu baýramçylyk —sowgatlar baýramçylygydyr. Ol çagalary begendirmegi halaýar. Täze ýyl güni çyn ýürekden islän zatlaryňy, arzuwlaryňy hata ýazyp, Täze ýyl arçasyndan asyp goýsaň, onda olar hökman hasyl bolar» diýdi. Enem meniň üçin iň mähriban ynsan. Onuň aýdyp berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemek maňa diýseň ýakymly. Ähli aýdan zatlaryny hem ýatda saklamaga çalyşýaryn.