Syrly gar (Ýapon halk ertekisi)

18 Ýanwar 2021
1678

Gadym döwürde bir daglyk ýerde garypja oba bar eken. Golaýdaky dagda üç ýyl owalky atylan wulkanyň Göge sowran külleri zerarly, obanyň ekin meýdanlary hasyl bermez hala gelipdir.

Bir gezek bu oba açlykdan taby gaçan bir jahankeşde gelipdir, emma oba adamlarynyň onuň bilen azygyny paýlaşmaga ýagdaýy ýok eken. Açlykdan surnugan jahankeşde ahyrynda obanyň çetinde özünden gidip ýykylypdyr. Şol ýerden geçip barýan garryja aýal jahankeşdäni öýüne getirip, oňa odur-budur hödür edipdir. Ýöne ýekeje lukma az bolup, öý bikesi myhmany ýene biraz naharlamak isläpdir. Şeýlelikde, garry aýal goňşusy Şoýanyň ekininden turp köwläpdir-de, ondan turp şiresini taýýarlap, myhmanyna hezzet edipdir.

Ýapon dilinden terjime eden Gaýgysyz AHMEDOW,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň okuwçysy.