Sanly ulgam — döwrüň talaby

18 Ýanwar 2021
1783

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda barha ösýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halk hojalygynyň pudaklary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyny özgertmek boýunça çäreler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Pul serişdeleriniň umumy mukdarynyň uly möçberini bilim, ýaşaýyş jaý hojalygy, saglygy goraýyş, pensiýa gaznasy ýaly ugurlar düzýär. Şeýle hem, durmuş ösüşiniň görkezijileriniň ýokary derejesi zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär.

Söhbet ORAZMÄMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.