Sagdyn durmuş - bagtyýar ýaşaýyş

18 Ýanwar 2021
1444

Ata Watanymyz eziz Türkmenistan dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekany hökmünde giňden tanalýar. Bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bu ulgamyň rowaç geljegini kepillendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde we bu ugurda ildeşlerimize şahsy görelde görkezmegi, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynda ilkinji orunda durýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda, welaýat merkezlerinde gurulýan saglyk öýlerini, hassahanalary, sport toplumlaryny, şeýle hem dynç alyş öýlerini göreniňde, bu Watanda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artyp, kalbyňa rahatlyk, bedeniňe sagdynlyk aralaşyp, bu ugurlarda alyp barýan işlerimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Gülnur SAPAROWA,
Aşgabat şäher Çagalar hassahanasynyň newropatolog lukmany.