Bütin halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, her bir maşgalanyň abadançylygy, bagtyýarlygy barada ählitaraplaýyn edilýän aladalar, gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde döreýän täze obalar, şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmet çekmegini, asuda ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Şol syýasatyň esasy many-mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär.