Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şanly wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýap-ýaňy tamamlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly hem şeýle wakalara baý boldy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýyly bolan 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen wakalar Garaşsyz Watanymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demirýoly ulanylmaga berildi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.