Birža täzelikleri

18 Ýanwar 2021
1976

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy.

Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro- usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

(TDH).