Halypa sapagy

16 Ýanwar 2021
1953

«Çagakam-da artist bolmagy arzuw edýärdim. «Ulalaňda kim boljak?» diýip sowal berenlerinde, «Artist boljak» diýip, käte-käte arzuwymy daşyma çykaraýmam bardy. Elbetde, Biribar adamyň gursagyna salýandyr-da...». Göwnüme bolmasa, ýürekden aýdylýan bu sözler gulagyma täze bir sahna eserinden halypa artistiň monology ýaly bolup eşidilýär. Gürrüň berlişi çeper bolanda, söz ýürekden çykanda, mydama üýtgeşik täsir galdyrýar. Iň esasy zat şol. Sungat hakda Türkmenistanyň halk artisti, geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalyna mynasyp bolan Çary Berdiýew hakdaky makalany onuň öz sözleri bilen başlamagymyz ýöne ýere däl. Ol turuwbaşdan özüniň bile işleşen halypalaryny birin-birin adyny tutup ýatlaýar. Olar bolsa, tüweleme, gaty kän. 1974-1975-nji ýyllarda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutynda bilim alan Çary Berdiýewiň sungatda döreden keşpleri hem kän, hem saldamly. Olar tomaşaçynyň kalbyna siňen keşpler.

Oguz hanyň, Salyr Gazanyň, Däli Domrulyň atlary biziň gündelik gürrüňimizde hem häli-şindi ýatlanyp dur. Hakyky ussatlyk şeýle bolýan bolaýmasyn?! Beýleki tarapdan, ol gülküli keşpleri döretmegiň hem ussady. «Sen söýseň meni» sahna oýnundaky Bally mollanyň keşbini bilmeýänimiz, bu sahna oýnuna tomaşa etmedigimiz ýok bolsa gerek.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».