Yhlasly lukman

15 Ýanwar 2021
1809

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglyk ulgamynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Adam saglygy ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Welaýatlardyr etrap-şäherlerde döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle şertlerden netijeli peýdalanyp işleýän saglygy goraýyş işgärleri jogapkärli wezipä gowy düşünýärler. Ynsan saglygyny goramakda hem-de ony dikeltmekde, ýokary derejelere ýetilýändigine guwanýan ak ýektaýly lukmanlar gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler.

Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işbaşarjaň, çaga newrolog lukmany Nury Akmyradow hem jogapkärli wezipeleri iş ýüzünde amala aşyryp, ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmekde irginsiz zähmet çekýär. Ol 1991-nji ýylda häzirki M.Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň pediatr bölümini üstünlikli tamamlady. Nury lukman işe başlan ilkinji günlerinden Magtymguly Çopanow, Gündogdy Ballyýew dagynyň halypalyk etmeginde, baý tejribe toplady. Iş tejribesini kämilleşdiren newrolog lukmanyň häzirki wagtda 10-a golaý şägirdi bolup, olardan Serdar Hojamyradow, Begenç Silgeldiýew daga halypalyk edip, gerek ýerinde maslahat berip, olar bilen özara pikir alyşýar.