Ýagşy adam ýatdan çykmaýar

13 Ýanwar 2021
1725

Halal zähmet çekip, adamlara ýagşylyk etseň, il-gün seni hormatlaýar, sylaýar. Sary Näzmeňliýew hem şeýle adamlaryň hilindendi.

Şahyr Sary Näzmeňliýew 1950-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda maldaryň maşgalasynda dünýä inýär. Sarynyň çagalygy kyn günde geçýär. On iki ýaşynda dädesi aradan çykyp, dört dogan ýetim galýar. Ejesi pahyr hem ene, hem ata ornunda durup, çagalaryny kemala getirýär. Sary obadaky orta mekdepde okaýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, onuň türkmen dili we edebiýaty fakultetini oňat bahalar bilen tamamlaýar. 1972-nji ýyldan 1976-njy ýyla çenli Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Ýaş zehinli hünärmen işi, adamkärçiligi bilen hormata mynasyp bolýar. 26 ýaşly ýigidi etrabyň medeniýet bölüminiň müdiri edip işe alýarlar. Soňra ol «Oktýabryň ýoly» etrap gazetiniň baş redaktorlygyna bellenilýär. Öňki soýuzyň žurnalistler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Sary 1984 — 1994-nji ýyllarda raýon sowetiniň deputaty bolup, jemgyýetçilik-syýasy işi hem alyp barýar. Ol Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigidi.

Sary KELJÄÝEW,
Bereket şäheri.