Kämil kanunlar — depginli ösüşiň hukuk binýady

13 Ýanwar 2021
1597

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, Konstitusiýamyzdan ugur alnyp kabul edilýän kanunlary işläp taýýarlamakda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almak, kanunçylyk namalarynyň döwrüň ösen derejesi bilen özara sazlaşygyna uly üns bermek baradaky tabşyryklaryndan, maslahatlaryndan ugur alnyp, milli parlamentiň deputatlary tarapyndan ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar we kabul edilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi döwlet bilen raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgelerini we düzgünlerini belleýär.

Rasul SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.