Watanymyzy beýgeldýän pudak

13 Ýanwar 2021
1923

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz senagatda, medeniýetde, saglygy goraýyş ulgamynda, bilimde, sportda we beýleki ugurlarda uly ösüşleri başdan geçirýär. Şol sanda oba hojalyk pudagynda hem geçen ýyllarda bellenilmäge mynasyp işler alnyp baryldy. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde öňe süren başlangyçlary hem daýhanlary önüm öndürmeklige has-da höweslendirdi. Ýurdumyzda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem daýhanyň ýakyn ýardamçysy bolan kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli tehnikalar daşary ýurtlardan yzygiderli satyn alynýar. Ol toprakdan bol hasyl almaga we ýetişdirilen önümleri wagtynda ýygnamaga kömek berýär. Umuman, beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamy hem Watanymyzy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Oba hojalyk önümlerini öndüriji zähmetkeşlere döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýeňillikleriň berilmegi bu pudagyň ösdürilmeginiň girewidir. Bu günki günde gursagy hyjuwly daýhanlaryň her bir tutan maksatlary rowaç alýar. Olar ýurdumyzda bellenilýän toýdur-baýramlara, şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem nesip bolsa daýhanlarymyza üstünlikler ýar bolar.