Milli ruhda terbiýelemek ugrunda

12 Ýanwar 2021
1914

Ene-mamalarymyz elmydama gelin-gyzlaryň edep-terbiýesine, görüm-göreldesine uly üns beripdirler. Haly dokamak, keşde çekmek, köýnek tikmek, alaja örmek, gaýma gaýamak ýaly el işleri bilen gyz maşgalany terbiýeläpdirler. Şeýle ýol-ýörelge bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Orta mekdepde esasy bilim berýän dersimiň daşyndan 22 ýyl bäri «Näzik» gyzlar guramasyna ýolbaşçylyk edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli, ukyply, zähmetsöýer, eli işli gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklere mekdebimiziň bu guramasynyň göreldeli gyzlary gatnaşyp gelýärler. Şäher, welaýat, döwlet derejesinde geçirilen «Güller gözelligi sizden öwrener», «Zeminiň lälesi, asmanyň Aýy», «Nowbahar», «Galkynyşly Watanyň biz bagtyýar gyzlary», «Örüm-örüm saçlaryň owsunjy mara ogşar», «Mekdep ýyllarym — ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşiklere eli hünärli, başarjaň gyzlarymyzyň gatnaşyp, baýrakly orunlara, Hormat hatlaryna mynasyp bolmaklary zähmetimiziň ýerine düşýänliginiň subutnamasydyr. Ajaýyp zamanada gyzlar bilen işlemek, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak uly bagt. Biz — mugallymlara şeýle eşretli zamanany peşgeş beren eziz Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Amansoltan GARLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.