Çar tarapdan, çyn ýürekden

11 Ýanwar 2021
1875

Eşretli durmuşyň höziri

Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly düşümli, rysgal-bereketli ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, belent sepgitlere ýetdiler. Bugdaý, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän azyk, gök-bakja we miwe önümlerini hem-de senagat harytlaryny öndürmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary götermek üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda hem welaýat merkezi Mary şäherinde 4 gatly, 88 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurlup, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna sowgat edildi. Şunlukda, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly täze jaýda garşy aldylar.