Milli itşynaslyk sungaty rowaçlanýar

10 Ýanwar 2021
2084

Häzirki wagtda gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu babatda ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Munuň özi milli itşynaslyk sungatynyň ylmy esasda düýpli öwrenilmegine, onuň iň oňat däpleriniň ösdürilmegine, seçgi-tohumçylyk usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaý itlerimiziň nesil şejeresini ýöredip, olary köpeltmäge, türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen kinologlaryny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň düzüminde kinologiýa bakalawr taýýarlyk ugry boýunça hünär açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseri ýaş kinologlaryň ýankitabyna öwrüldi. Milli buýsanjymyzy beýan edýän kitapda türkmen alabaý itleriniň taryhy gelip çykyşyny, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän, ata-babalarymyzyň it hakda döreden nakyllary, rowaýatlary, pähim-paýhaslary, alabaýyň daşky görnüşiniň aýratynlyklary, gylyk-häsiýetleri, güjüklik döwrüniň döwürlere bölünişi we olara seredilişi, saklanylyşy, iýmitlendirilişi, ösdürilip ýetişdirilişi we seçgi-tohumçylyk işleri barada ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar berilýär.

Ýusup WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.