Matematiki modelirleme biziň durmuşymyzda

10 Ýanwar 2021
2707

Daşymyzy gurşap alýan hakykylygy öwrenmekde, ilki bilen, onuň matematiki modelini düzmek özüniň oňyn netijelerini berýär. Matematiki modeller daşky gurşawa göz ýetirmegiň esasy gurallarynyň biri bolup durýar. Matematiki model diýlip, öwrenilýän hadysa mahsus bolan esasy kanunalaýyklyklaryň we baglanyşyklaryň matematikanyň dilinde aňladylmagyna düşünilýär. Bular formulalar, deňlemeler, düzgünleriň we ylalaşyklaryň toplumlary bolup biler. Matematikada, fizikada, mehanikada we beýleki tebigy ylymlarda öwrenilýän hadysany aňlatmak üçin matematiki modeller öňden ulanylyp gelinýär. Meselem: Nýutonyň kanunlary planetalaryň Günüň daşyndan aýlanmagynyň kanunalaýyklyklaryny doly kesgitleýär. Mehanikanyň esasy kanunlaryny ulanyp, emeli hemralaryň hereketiniň deňlemesini düzmek kyn däldir. Köp halatlarda bu deňlemeleri ýönekeý usullarda çözmek mümkin bolmaýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda matematiki modelirlemekde kompýuter serişdeleri giňden ulanylýar. Şol sebäpli hem orta mekdeplerimizde okuwçylara modelirleme we grafika dersi öwredilýär. Şu günki günde matematiki modelirleme fiziki we tebigy tejribeler bilen bir hatarda, tebigy bilimleriň dürli ugurlaryny öwrenmekde esasy gurallaryň birine öwrüldi. Geljekde onuň orny has hem artar.

Matematiki modelirlemegiň ylma giňişleýin ornaşmagy şular bilen baglydyr: barlanylýan hadysalaryň barha çylşyrymlaşmagy we olary öwrenmek üçin gerek bolan tejribe enjamlarynyň we modelleriň bahasynyň has gymmatlygy; döredilýän tejribe enjamlarynyň energiýany köp sarp edýändigi we olara edilmeli hyzmatlaryň has gymmat düşýänligi; köp ugurly ekologiýa, durmuş we beýleki meseleleri çözmegiň zerurlygy; tejribeleri geçirmegiň we beýleki modelleri ulanmagyň mümkinçiliginiň bolmazlygy ýa-da howplulygy; matematik modelirlemegi köp gezek gaýtalamaga bolan mümkinçilik, barlaglaryň dowamlylygynyň gysgalmagy we netijeleriň tiz wagtda alynmagy we beýlekiler. Matematiki modelirlemegiň ösmegi önümçiligi awtomatik usulda dolandyrmak ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, “adam” faktoryny aradan aýyrmaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Görnüşi ýaly, matematiki modelirleme häzirki wagtda täze bilimleri ele almagyň esasy usullarynyň biri bolup durýar.

Hemra ARAMEDOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.