Elektron tehnologiýalar eýýamy we sanly bilim ulgamy

9 Ýanwar 2021
2356

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, bu ugurdaki işleri kämilleşdirmek babatda uzak geljegi nazarlaýan özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň geçen, 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda Innowasiýa maglumat merkezi döredildi.

Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilimiň mazmunyny baýlaşdyryp, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, okuw-wideo we audiomateriallary, elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşykly alyp barmakdan hem-de durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň bilim edaralarynyň öňünde goýlan derwaýys wezipelerden ugur alyp, kämil innowasiýa aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we hyzmat etmek işlerini bir ölçegde kadaly dolandyrmak bu merkeziň paýyna düşýär. Şunlukda, Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan ýurdumyzyň bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak babatda ençeme wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».