Saglygyň gadyryny bilgil...

9 Ýanwar 2021
1772

Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keseller, sowuklama ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär. Howanyň häli-şindi üýtgäp durmasy, aram-aram ýagyşdyr garyň ýagmagy ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döredip ýa-da gaýra üzülmelere sebäp bolup bilýär. Adam bedeninde Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi bedeni tapdan düşürip, nerw ulgamyny gowşadýar. Bu bolsa, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygymyz hakynda öz wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly.

Bu günki gün Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän köpugurly öňüni alyş barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biridir. Olar keselleriň döremegine getirip biläýjek näsazlyklary gaýra goýman ýüze çykarmaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ene süýdüniň ähmiýeti, dermanlyk ösümlikleriň saglyga peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak barada düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Näzik ALLANYÝAZOWA,
Aşgabat şäheriniň 5-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.