Kanunçylyk binýady berkidilýär

8 Ýanwar 2021
1855

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz okgunly ösýär. Halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlar ägirt uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegini gazanmak, onuň üçin amatly hukuk mümkinçiliklerini döretmek, administratiw taýdan has netijeli şertleri we kämil usullary dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak bu ugurda aýratyn ileri tutulýan ugurdyr. Muňa mysal hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. 

Bu Kanuna laýyklykda, administratiw edara diýlip, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslara düşünilýär. Administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işi administratiw önümçiligi düzýär.

Meýlis ÝOMUTBAÝEW,
Magtymguly etrap kazyýetiniň kazysy.