Derman otlar — tebigatyň serpaýy

8 Ýanwar 2021
3195

Bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygy barada edilýän alada örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz bu ulgamy barha kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Hormatly ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen ajaýyp ylmy işdir. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda açyp görkezýän bu ajaýyp eser alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşi boldy.

Türkmen topragy — keremli toprak. Güneşli ülkämiz ösümlik dünýäsine örän baý. Türkmen sährasynda bitýän ösümlikleriň aglabasy hem dermanlyk häsiýetine eýedir. Häzirki zaman lukmançylyk tejribesinde derman ösümliklerden giňden peýdalanylýar.

Jumagül HOJAÝEWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.