Möhüm meselä bagyşlanyldy

8 Ýanwar 2021
1711

Täze ýyl baýramynyň yzysüre TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda okuw-maslahat geçirildi. Bu okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralyp, oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, pudaklaýyn geňeşleriniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw-maslahatda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr” at bilen geçirilen okuw--maslahatda milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda, olary ilkinji guramalaryň başlyklaryna, işjeň agzalaryna ýetirmekde, wagyz etmekde, olaryň işjeňligini has-da artdyrmakda çözülmeli möhüm meseleler barada pikir alşyldy.