Goňşy döwlete dostana goldaw

8 Ýanwar 2021
2268

Halkymyz goňşuçylyk gatnaşyklaryna, şeýle gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Bu jedelsiz hakykata gulluk edýän eždatlarymyz ajaýyp nakyllaryň we atalar sözleriniň köpsanlysyny döredipdirler. «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşynyň haky — Taňrynyň haky», «Goňşy — goňşynyň bazary», «Goňşy ýykylsa, söýget ber»... Ata-babalarymyz diňe bir duldegşir goňşulary bilen däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ülkeler bilen hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, parahatçylykda, asudalykda ýaşaşmagyň nusgalyk ýörelgesini döredipdirler. Şeýle röwşen ýol-ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we barha çuňlaşdyrylýar. Bu babatda goňşy Owganystan döwletine berilýän goldaw-hemaýat hem-de ýola goýlan gatnaşyklar aýratyn orunda durýar.

Türkmenistan Owganystana köptaraplaýyn goldaw bermek arkaly bu ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Soňky ýyllarda elektroenergetika ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Türkmenistandan indi köp ýyldan bäri goňşy ýurda elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde üznüksiz ugradylýar. Bu möhüm işe welaýatymyzyň elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işgärleri hem ýakyndan gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Kerkidäki elektrik bekedinden Owganystana 110 kilowoltlyk geçiriji arkaly elektrik energiýasy iberilýär. Ol dostana ýurduň birnäçe şäherleriniň we obalarynyň ýaşaýyş jaýlaryna, medeni-durmuş maksatly binalaryna ýagtylyk paýlaýar. Eýýäm ýakyn geljekde bolsa owgan topragyna ugradyljak elektrik energiýasynyň möçberi iki esse artar. Munuň üçin 220 kilowoltlyk täze geçiriji arkaly bu ýurda elektrik energiýasy berlip başlanar. Ýeri gelende, türkmen energetikleriniň kuwwatly elektrik geçirijini çekendiklerini we işe doly taýýar edendiklerini bellemek ýakymlydyr.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.