Üns mer­ke­zin­de — aw­tos­port hem eko­lo­gi­ýa

17 sagat öň
31

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere gelip, onuň taslamalary bilen tanyşdy.

Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Aw­to­mo­bil sport top­lu­my­nyň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, il­ki bi­len, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­ny, ösüm­lik dün­ýä­si­ni syn­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­to­mo­bil sport top­lu­my bi­na edi­len­de, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns be­ril­me­li­dir.