Bagtdan doly pursatlar

18 sagat öň
48

Hüseýin Käşifiniň «Muhsynynyň ahlagy» atly kitabynda: «Mähremlik we sahawatlylyk bazarynda söz sowgady ähli sowgatlardan ýagşyrakdyr» diýen ajaýyp setirler bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň kalbyma melhem bolup ornan pursatlarynyň iň gözelleriniň biri — Gahryman Arkadagymyzyň özüme bagyşlan goşgusyny okamagy. Şol güni ýatlanymda, häzirem gözüme ýaş aýlanyberýär. Şunça ýyllaryň dowamynda yhlasymy, zähmetimi, wagtymy, söýgimi siňdiren toparyma köşk salyp berilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň dür dänesinden düzülen, mähir şerbetine eýlenen, altyn suwy berlen setirleri meni al-asmana alyp gitdi. Akyldar şahyryň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada, şeýle-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we ýadygärlik nyşanlar toplumyna mynasyp görülmegimi bolsa Arşdan gelýän owaza meňzetdim.

Ynsan juda begenende hakyda aýnasynyň öňüni geçilen günleriň ýatlamalary tutar ekeni. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden bagt ganatlarynyň joşgunyna henizem gökde pelpelläp ýörşüme, toparymyz bilen Diýarymyzyň toýlaryna, halkymyzyň şatlygyna goşulyp geçilen menzilleri bir-bir gözümiň öňünden geçirýän. Yzda galan menziller barada pikirlendigimçe-de, wagtyň gymmatyna, ýerlikli peýdalandygymyzça, onuň bahasynyň artýandygyna göz ýetirýän. Aslynda ählimiziň Mugallymymyz — Gahryman Arkadagymyz muny bize her bir ädiminiň, amala aşyrýan beýik işleriniň mysalynda öwredip gelýän eken. Hatda hormatly Prezidentimiziň zähmetde tapawutlananlary serpaýlamagy-da Gahryman Arkadagymyzyň wagty altyna öwürmek baradaky beýik mekdebiniň bir sapagy eken.

Jemal SAPAROWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.