Paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.