Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň täze kitaby neşir edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan ýygynda dana akyldaryň döredijilik ýoluny yzarlaýan mirasgäriň şahyryň durmuşyndan söhbet açýan dürli mazmunly makalalary, söz ussadynyň kowumdaşlarynyň dilinden ýazyp alan rowaýatlary girizilipdir. Şeýle-de ýygyndyda awtor şahyryň manysy içinde, çözgüdi daşynda bolan tapmaça häsiýetli goşgularynyň çözgüdini ylmy esaslara daýanýan täze garaýyşlar bilen ýüze çykarýar.
Kitap alymlara, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna hem-de dana Pyragynyň mirasy bilen gyzyklanýan adamlara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.