Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

19 sagat öň
21

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi kanuny esaslarda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine bolan hukuklary kepillendirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara döwletiň ýa-da jemgyýetiň serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, döwletiň durmuş  syýasatynyň esasy ugry hasaplanylýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, gürrüňi edilýän çygryň hukuk kepillikleriniň kämilleşdirilmeginiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Döwlet AŞYROW,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.