Täze ýyl, gel, garaşýarys!

20 sagat öň
28

Gel, küýselýän myhmandansyň, ornuň gözleň üstündedir,
Mübärek gadamyň alna sylasy gelýär adamlaň.
Biz — aşyk biz, a sen bolsa misli magşuk kysmyndasyň,
Seniň bilen has bagtyýar bolasy gelýär adamlaň.

«Hakyda göwheri» — baýlyk. Senem sakçysy hazynaň,
Guýrugyňdan basmarys biz. Basanlar özüni gynar.
Seniň hazynadardygňa, elbetde, düşüner synan,
Halal zähmet bilen has baý bolasy gelýär adamlaň.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».