Durmuş ugurly maliýe syýasaty

7 Ýanwar 2021
2003

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler halkyň röwşen geljegini, abadan durmuşyny üpjün edýär. Täze, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň täze ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynam eziz halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda uly ykdysady üstünlikleriň gazanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşmäge ukyply harytlar bilen doldurmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen utgaşdyrylýar.

Türkmen harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigini pugtalandyrmaga gönükdirilen önümçilikleriň giň ulgamyny kemala getirmek işi tebigy hem-de mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň hasabyna Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder. Şu babatda kiçi we orta işewürligi, telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli hem-de işjeň durmuşa geçirilýän syýasat oňyn netijeleri berýär.

Täzegül BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.