Ak gar – bagt nury

16 sagat öň
26

(Hekaýa)

Ine-de, penjireden bulut bürän tebigaty synlap durun. Hemmeler ýaly meniň üçin hem bu Täze ýyl üýtgeşik duýgulara beslenip geldi. Ejemiň öý işlerine gümra bolup, baýramçylyk saçagy üçin taýýarlaýan tagamlary öýümiziň içini doldurdy. Saçaga gerek zatlar üçin şäheriň bazaryna tarap ýola düşdüm. Öýümize golaý bolansoň bazara pyýada gaýdyşyma, ýol ugruna gyşyň tebigata çeken täsin portretini synladym. Kalbymdaky duýgular meni ýene-de bagtymyň sebäpkärine «sms» ýazdyrdy. Men Aknura hat ýazdym. «Salam Aknur! Täze ýyl baýramyň gutly bolsun! Bu gün agşam Baş arçanyň ýanyna gelersiň-ä?». Aknurdan habar bolmady. Men bazara aýlanyp, ejemiň sargydyny bitirdim. Soňam köňlümiň taryna owaz beren gyza Täze ýyl sowgatlygyny — garjagaza oranyp duran ýürek şekilli ýylanyň keşbini saýladym. Sessiz galan telefonymdaky sagada sereden wagtym Aknurdan gelen habary okadym. Ol öýlerine myhman gelýändigi üçin baýramçylyga baryp bilmejekdigini ýazypdyr. Birhili göwnüm çöken ýaly boldy. Birden oýa batdym.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW.