Türkmenistan — Malaýziýa: özara ynanyşmagyň binýady

16 sagat öň
11

Malaýziýa Türkmenistanyň Gündogar-Günorta Aziýa sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Geçen döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplanyldy. Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy. Aýratyn-da, 2007-nji ýyldan bäri türkmen-malaý gatnaşyklaryna netijeli ösüşler mahsusdyr. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan Malaýziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda däp bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Şunda bilim ulgamy hem hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurdyr.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpur şäherinde malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň netijeli ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy.