Kitap halklary dostlaşdyrýar: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

16 sagat öň
22

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy.

Ýörite habarçymyz.