Türkmen tebigaty — gözelligiň nusgasy

16 sagat öň
24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamalary işjeň hereket edýär. Şolaryň esasynda Diýarymyzda daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň tebigatynyň köpdürlüligi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Öwrüm-öwrüm dag ýodalaryndan ýöreseň, her öwrümde dereleriň, dag ýapgytlarynyň, dag çemenlikleriniň, dury suwly derýalaryň, şarlawuklaryň gaýtalanmajak gözelligine duş gelmek bolýar. Hazar deňziniň türkmen kenary-da diňe bir baýlyklary däl, eýsem, ekologiýa taýdan arassa deňiz suwy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen hem meşhurdyr.

Aýjeren AGAREJEPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.