Watana söýgi — iň beýik duýgy

1 gün öň
30

Häzirki döwürde çagyryş boýunça harby gulluga täze kabul edilen ýurdumyzyň raýatlaryny gullugymyzyň düzümlerinde garşylamak dabaralary hem giň gerime eýe bolýar. Oňa tejribeli serkerdeler gatnaşýarlar we ýaş esgerlere Watan goragynda üstünlikleri, sag-aman mähriban ojaklaryna gowuşmaklaryny arzuwlaýarlar. Harby gullugyň ýaňy bosagasyndan ätlän ýigitleri mynasyp garşylamak, olar bilen harby durmuş barada tanyşlyk, harby bölümiň geçen şöhratly ýoluny gürrüň bermek we beýleki geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli çäreler ýurt goragçylarymyzyň watançylyk duýgularyny has-da artdyrýar. Şol maksat esasynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowanyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Watandyr ýigitler, başymyzyň täji!» atly wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çagyryş boýunça harby gullukçylara ýurt goragynyň mukaddesligi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, harby gullukçylar üçin okamaga, öwrenmäge, eziz Diýarymyza wepaly gulluk etmäge döredip berýän mümkinçilikleri, her bir ýigidiň durmuşynda harby gullugyň tutýan orny barada berlen gürrüňler ýaş esgerlerde uly täsir galdyrdy.

Sona ESENMÄMMEDOWA,
kapitan.