Kämil nesil kemala gelýär

20 sagat öň
28

Berkarar Diýarymyzda körpe nesliň abadan durmuşy baradaky aladalar örän giň gerimlidir. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly okamagy, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, tebigy zehin-başarnyklarynyň ösdürilmegi babatda ähli şertler döredilýär. Okatmagyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklary bilen birlikde, çeperçilik we sungat mekdepleriniň çagalaryň hyzmatynda bolmagy olaryň köpugurly döredijilige höweslerini artdyrýar. Munuň özi köpöwüşginli sungatymyzyň geljekki mynasyp wekillerini terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Medeniýetiň, sungatyň watansöýüji, belent ahlakly, kalby arassa nesilleriň kemala gelmeginde hem mynasyp orun eýeleýändigini nygtamak gerek.

Ýurdumyzyň buýsanjy bolup durýan ýaş zehinleriň kemala gelmeginde wajyp ähmiýete eýe bolan sungatymyzyň gülläp ösmegi babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Anna BERDIÝEW,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.