Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!

1 gün öň
47

Babadaýhan etrabynyň Toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!» ady bilen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Täze ýyl toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçen dabara edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşyp, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler, Täze — 2025-nji ýylyň her bir öýe rysgal-bereket, nur eçilmegini arzuwladylar, ýurdumyzyň ösüşleri hakda gürrüň etdiler.

Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.