«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Elbetde, adam her bir zatda netije gazanmak üçin ilkinji nobatda öňünde maksat goýmaly. Biz türgenler hem sportuň islendik ugry boýunça kämilligiň ýokary derejelerine ýetmek üçin bilimizi berk guşap, ömrümizi sporta bagyş etmeli. Sportda gazanan ýeňşiň döwletiň abraýy, onuň şan-şöhraty. Şol wagt eliňi ýüregiň üstüne goýup, onuň buýsançly urgularyny duýup döwlet senasyny hyjuw bilen seslenip aýtmak, gözleriňi dünýäniň iň ajaýyp pursatlaryny synlan dek ýaşyl tugumyzyň beýleki baýdaklardan ýokarda durup göterilýändigini görmekden, megerem başga üstünligi bolmaz. Mundan şeýle netije çykarmaly: maksada okgunlylyk — iň uly ýeňşiň. Sebäbi geljege bolan ynamyň bolmasa, türgen özüniň ejiz taraplaryny äşgär edýär. Sport arenasyna çykanymyzda garşydaşymyzdan üstün çykmak üçin özüňde «Men hökman ýeňmeli, sebäbi meniň ýeňiş gazanmaklygyma garaşýanlar bar. Men olaryň tamasyny hökman ödemeli» diýip umyt uçgunlaryny döretmeli. Çünki yhlasa myrat bar.