Ýurdumyzyň welaýatlarynda

1 gün öň
35

Üstünlige beslediler

Bäherden tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemek ugrundaky tagallalary ýerine düşdi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň agzalan öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň geçen on bir aýynda alnyp barlan önümçilik işleriniň görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Has anyk aýtsak, gürrüňi edilýän kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 15 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108 göterim ösüş üpjün edildi. Şeýlelikde, kärhanada önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama 125 göterim ýerine ýetirildi.

(Öz habarçylarymyz).