Meşhur sugunlar (Sizi bular gyzyklandyrýarmy?)

2 gün öň
61

Täze ýylyň iň ýakymly aýratynlyklarynyň biri-de Aýazbabanyň meşhur sugunlarydyr. Garpamygyň, arçanyň bu baýramyň esasy nyşanlary bolşy ýaly, Aýazbabanyň sugunlary hem baýramyň esasy gahrymanlarydyr.

Sugunlary Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrmak hakdaky pikirler ilkinji gezek amerikan şahyry Klark Muruň goşgusyndan soňra peýda bolýar. Goşguda Aýazbabanyň sekiz sany jadyly sugunda uçup, çagalara sowgat paýlaýşy hakda beýan edilýär. Şunlukda, bu sugunlar Täze ýylyň söýgüli gahrymanlary hökmünde tanaldy. Şondan soňra olara mahsus häsiýetler we atlar dürli eserlerde beýan edilip başlandy.

Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».