Her bir halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda onuň ýaşaýyş terzi, durmuş filosofiýasy şöhlelenýär. Muňa halkymyzyň çörek hem-de tamdyr bilen baglanyşykly milli däp-dessurlaryny içgin öwrenenimden soň has aýdyň göz ýetirdim.
Ýadymda, şol mahallar heniz gulpagym örüme-de ýetmeýän gyzjagazdym. Enemiň tamdyrdan çykaran Güne meňzäp duran mele-myssyk çöreginiň ýüzündäki dürtgüç yzlaryny synlap oturşuma, çöregi dürtgüç bilen dürtmegiñ näme manysynyň bardygy bilen gyzyklandym. Enem adaja ýylgyryp, gürrüň bermäge başlady.