Zergärçilik sungaty ― milli gymmatlyk

20 Dekabr 2024
99

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Halk ussalary ― çeper döredijiligiň ussatlary» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden ussat zergärler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda ussat zergärler çykyş edip, halkymyzyň milli buýsanjy bolan zergärçilik sungatynyň özboluşly aýratynlyklary, gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-sepleriniň ýasalyş usullary, olaryň manylary hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem maslahatyň çäginde halk döredijiliginiň gadymdan gelýän milli nusgalaryny dikeltmekde, kämilleşdirmekde, olaryň täze görnüşlerini döretmekde bitiren işlerini nazara alyp, birnäçe ussat zergärlere «Çeper döredijiligiň halk ussasy» ady dakyldy.

Ýörite habarçymyz.