«Akylly» öýler

20 Dekabr 2024
99

Adamzat ähli döwürde hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek, daş-töweregimizi gurşap alýan ägirt uly dünýäniň özünde saklaýan syrlaryny açmak, öwrenmek, göz ýetirmek isläpdir. Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerimize çenli  ýazyjy-şahyrlar, alymlar durmuşymyzy ýeňilleşdirjek tehnologiýalaryň dörejekdigi barada öz eserlerinde, şygyrlarynda we ylmy işlerinde ýazypdyrlar. Ýazyjy Reý Bredberri özüniň 1950-nji ýylda neşir edilen «Mylaýym ýagyş bolar» («Будет ласковый дождь») romanynda geljegiň «akylly» öýleri barada giňişleýin belläp geçipdir. Şol wagtlar bu pikir başa barmajak täsinlik ýaly bolsa-da, häzirki döwürde adamlar şeýle jaýlarda ýaşap ýörler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň diňe bir ýaşaýyş jaýlarynda däl, eýsem şaýollarydyr köçelerinde, edara-kärhanalarynda, mahlasy, ähli düzümlerinde «akylly» şäher konsepsiýasy ornaşdyrylan. «Akylly» öýleriň özünde jemleýän mümkinçilikleri we onuň taryhy barada bilmek gyzykly bolsa gerek.

«Akylly» öýüň taryhy öz gözbaşyny geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan, ýagny ýagtylygy sazlaýjy enjam bolan dimmeriň döremeginden başlanýar. XX asyryň ahyrynda tehnologiýa bazarynda tranzistorlar, sanly gözegçilik enjamlar, mikroshemalar we programmalaşdyryp boljak beýleki elementler peýda boldy. Hut şol döwürde «akylly» öýleriň häzirki zaman görnüşlerine meňzeş ilkinji görnüşleri peýda bolup başlady.

Muhammetmyrat HALLYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.