Türkmenistan — Malaýziýa: ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen sahypasy

19 Dekabr 2024
83

Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ertirlerini nazarlaýan oňyn başlangyçlary, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde halkara abraýy barha artýan eziz Diýarymyz dünýäde dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hem-de ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Dostlukly ýurtlar bilen pugtalandyrylýan diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna nazar aýlanyňda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirýärsiň. Eziz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen döwründen bäri Malaýziýa bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly ýurda 18-nji dekabrda başlanan resmi sapary hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Malaýziýa bu sebitde ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň dekabr aýynda dostlukly ýurda amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.  Şeýle hem Malaýziýanyň premýer-ministriniň 2011-nji we 2014-nji ýyllarda Türkmenistana bolan resmi saparlary döwletara gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy. Şol saparlaryň dowamynda ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde wajyp ädimler ädildi. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2011-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Malaýziýanyň ilçihanasynyň açylandygyny, 2013-nji ýylyň martynda bolsa dostlukly ýurduň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň işe başlandygyny bellemek gerek.

«Adalat».