Bagtyýar durmuşyň binýady

19 Dekabr 2024
91

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: « Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  atly ynsanperwer şygaryny giňden dabaralandyrdy. Şeýle hem  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilmeli aýdyň sepgitleri kesgitledi.  Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini  üpjün etmäge,  halkymyzyň ýaşaýyş  derejesini  has-da ýokarlandyrmaga,  ählumumy parahatçylygyň bähbidine  ykdysady hyzmatdaşlygy,  medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan  beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga  we senagatlaşdyrmaga bolan ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň ösüşi üçin örän uly ähmiýeti bar. Bu diňe bir ýylyň esasy maliýe meýilnamasy bolman, eýsem, tutuş maliýe ulgamynyň geljek döwürde esasy hereketleriniň çuňňur oýlanyşykly, dürli hasaplamalara daýanýan, merkezleşdirilen guralydyr. Döwlet derejesinde onuň esasy wezipesi, maliýe çeşmeleriniň kömegi bilen ýurduň ykdysadyýetiniň we sebitleriniň netijeli, deňagramly ösüşini üpjün etmekdir. Döwlet býujeti tutuş halkyň bähbidine gönükdirilen döwlet gaznalarynyň emele gelmegini we zerur bolan çykdajylaryny kadalaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, Döwlet býujeti hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary we ýurduň sebitleri boýunça Döwlet býujetini düzmek çuňňur hasaplamalara hem-de düýpli seljermelere daýanýan işdir. Muňa ähli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler gatnaşýar we ol birnäçe aý dowam edýär.

Leýli NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň hünärmeni.