Şu günler Tejen etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna täsirli çäreler geçirilýär. Baýramçylyk çärelerine çagalar baglarynyň körpeleri höwesli gatnaşýarlar.
Surat çekmek, goşgy okamak boýunça bäsleşiklere ýaş nesliň gyzyklanmasy has ýokary. Şeýle çärelerde ruhubelent körpeler zehin-başarnygyny açyp görkezýärler. Olar aýdym-sazly dabaralary özleriniň şadyýan çykyşlary bilen bezeg goşýarlar.