Dil öwrenmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

6 Ýanwar 2021
2823

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy we tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek üçin hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryna doly laýyk gelýär.

Jahan ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.