Beýik maksatlar belent sepgitlere ýetirýär

18 Dekabr 2024
98

Häzir türkmen ýaşlarynyň beýik maksatlary tutup, belent sepgitlere ýetýän ajaýyp döwrüdir. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegini bagtyýar ýaşlarda görmek bilen, olara uly ynam bildirýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylmyň-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi we bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn-da, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrýarys. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilip, geljekde hem bu işleri kämilleşdirmäge gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan oňyn baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sanly bilimi ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly täze ugurlaryň girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Meýlis BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw işleri boýunça prorektory.